Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:2 - Mukaddes Kitap

2 Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Оны агдарып, дашлардан арассалады, сайлама үзүмлер экди. Ортасында гөзегчилик диңини дикди, үзүм сыкмак үчин чукур газды. Үзүм хасылына гарашды, эмма ол ябаны үзүм берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:2
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz.


Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym.


Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela


Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!


Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.


Sion gyzy üzümlikdäki çadyr kimin, hyýar atyzyndaky çatma kimin, daşy gabalan şäher kimin bolup galar.


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».


Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.


Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin. Baýyrlardan men oňa bakyp durun. Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol, milletler arasynda aýry hasaplanýar.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär.


Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär.


Uzagrakda gür ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan injir tapmazmykam diýip, agaja tarap ýöredi. Onuň ýanyna gelende, ondan ýaprakdan başga hiç zat tapmady, sebäbi injir möwsümi däldi.


Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.


Hasyl möwsümi gelende, ol bir hyzmatkärini üzümiň miwesinden alyp gel diýip, kärendeçileriň ýanyna iberýär.


Gullukdaky esgerler öz hasabyna ýaşaýarlarmy? Eýsem miwesinden iýmejek bolsa, üzüm agajyny oturdýan barmy? Süri bakyp-da, onuň süýdüni içmeýän barmy?


Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?


Şondan soň Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan bir aýala aşyk boldy. Onuň ady Delilady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ