Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:17 - Mukaddes Kitap

17 Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar, owlak-guzular harabalyklaryň arasynda otlarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Гоюнлар өз өрүлериндәки ялы отларлар, овлак-гузулар харабалыкларың арасында отларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:17
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň we mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».


Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.


Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.


Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler.


Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.


Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz.


Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi diňi harabalyga, gulanlaryň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».


Çalylardan we tikenlerden gorkyňyza öňki kätmenlenen depelere gidip bilmersiňiz; ol ýerler mal goýberilýän, goýunlaryň basgylaýan ýeri bolar.


semrediler, ýognadylar. Hetden aşdy olaryň betpälligi, çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny, goramadylar garybyň hiç bir hukugyny.


Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


«Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».


Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler.


Deňiz ýakasyndaky ýurduňyz çopan örülerine, süri agyllaryna döner.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ