Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:13 - Mukaddes Kitap

13 Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мунуң үчин халкым наданлыкдан есир эдилип әкидилер, ат-абрайлы адамлары ачлыкдан өлер, көплери болса тешнеликден гырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:13
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Dogruçylyň agzy köpleri bakýar, akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär.


Öküz öz eýesini tanaýar, eşek-de eýesiniň ahyryny, emma Ysraýyl Meni tanamaýar, halkym Maňa düşünmeýär».


Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.


Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.


ellibaşylary, atly-abraýly adamlary, maslahatçylardyr mekir gözbagçylary, ökde jadygöýleri aradan aýrar.


Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok.


Şonda sen içiňden diýersiň: „Bulary maňa kim dogrup berdi? Çagasyzdym, önelgesizdim, sürgün edilip kowlupdym; eýsem bulary kim ulaltdy? Ýeke-ýalňyz galypdym, bular nireden gelip çykdylar?“».


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.


Hatda leglek hem öz möwsümini bilýär. Gumry, garlawaç, durna-da göçmeli pursadyny bilýär. Emma halkym Men-Rebbiň parzlaryny bilmeýär.


Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy.


Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy; müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn, çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Şol gün gözel gyzlar we ýaş ýigitler teşnelikden huşuny ýitirerler».


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Emma olar gögüň ezelden Hudaýyň sözi arkaly ýaradylandygyny, ýer bolsa suwdan bölünip, suw bilen gurşalandygyny bilgeşleýin ýatdan çykaran bolýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ