Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Meýlislerinde liradyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мейлислеринде лирадыр арфа, депрекдир түйдүк чалнып, шерап ичилйәр, йөне Реббиң ишлерине үнс бермейәрлер, Онуң элиниң ишлерини гөрмейәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme sebäpden sen gaýtjakdygyňy menden ýaşyrdyň? Men seni şady-horramlyk hem aýdym bilen, deprek we lira bilen ugradardym.


Häzir men segsen ýaşymda, göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkegu-aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?!


Çünki olar Onuň yzyna eýermediler, Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.


Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, lira sem boldy.


Dawudyň mesgen tutan şäheri Ariýeliň dat gününe! Ýylyň ýylyna baýramlaryňyz dowam edibersin.


Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, liralaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


«Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.


Mysal hökmünde jansyz saz gurallaryny: tüýdügi ýa-da arfany alyp göreliň. Eger olar tapawutly äheňde çalynmasa, haýsy mukamyň çalynýandygyny nädip saýgarjak?


Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.


Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ