Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:11 - Mukaddes Kitap

11 Ir turup, çakyr ugrunda ylgaýanlaryň, giç agşama çenli şerap içip, möwç alýanlaryň dat gününe!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ир туруп, чакыр угрунда ылгаянларың, гич агшама ченли шерап ичип, мөвч алянларың дат гүнүне!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:11
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Häzir men segsen ýaşymda, göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkegu-aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?!


Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.


Soňunda ýylan kimin çakýandyr, alahöwren bolup sokýandyr.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Indi aýdym aýdyp, şerap içmezler, agyzlara ajy deger içgi.


Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.


Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.


Şerap içmekde batyrlaryň, çakyr garmakda güýçlüleriň,


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Ýalaňaçlygyna tomaşa etjek bolup, goňşularyny şerapdan serhoş edýänleriň dat gününe!


Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


we bahyllyk; serhoşlyk, azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ