Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 49:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ол: «Якубың тирелерини тәзеден дикелтмек үчин, ысрайылың горалып саклананларыны ызына гетирмек үчин бендәм болмагың етерлик дәлдир, сени миллетлере нур эдерин, сениң үстүң билен ериң аңры чәгине ченли халас эдерин» диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 49:6
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Hizkiýa: «Kölegäniň on basgançak öňe uzamagy adaty zatdyr. Şonuň üçin-de, goý, kölege yza süýşsün» diýip jogap berdi.


Bu zatlar Reb üçin gaty aňsatdyr. Ol Mowaby-da siziň eliňize berer.


Sen olary dagadarsyň tüssäniň dagaýşy kimin, mumuň otda ereýşi kimin. Hudaýyň öňünden erbetler ýok bolar.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Eý, deňiz syýahatçylary, deňziň içindäkiler, adalar we onda ýaşaýanlar, Rebbe täze aýdym aýdyň, ýeriň aňry ujundan öwgüler aýdyň!


«Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin.


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.


Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».


Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.


Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar.


Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler».


Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».


Çünki Reb bize şeýle buýruk berdi: „Ýeriň aňry çägine çenli halas etmek üçin, Seni milletlere nur etdim“».


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Olar hem Mesihiň görgi görmelidigini, ilkinji bolup ölümden direlip, Öz halkyna we keseki milletlere Hudaýyň nuruny yglan etmelidigini aýan edipdiler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ