Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 49:4 - Mukaddes Kitap

4 Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim, biderek, bihuda sarp etdim güýjümi; ýöne hakym Reb bilendir, sylagym Hudaýym bilendir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Онсоң мен: «Бидерек зәхмет чекдим, бидерек, бихуда сарп этдим гүйҗүми; йөне хакым Реб билендир, сылагым Худайым билендир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 49:4
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.


Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Näme üçin, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl: «Ýolum Rebbe aýan däldir, Hudaýym hakyma dykgat bermedi» diýýärsiňiz?


Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.


Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.


Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.


Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi.


Ol Özüniňkilere geldi, emma olar Ony kabul etmedi.


Ysraýyl hakda bolsa Reb: «Men pitneçi we özdiýenli halka günuzyn ellerimi uzadyp otyryn» diýip aýdýar.


Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz?


Çünki biz gutulyş ýolundan barýanlaryň-da, heläkçilik ýolundan barýanlaryň-da arasynda Hudaý üçin Mesihiň müşki-anbarydyrys.


Men siz babatda uly alada galýaryn. Eýsem meniň zähmetim biderek bolaýarmyka?


Ýaşaýyş berýän Hoş Habary gaýym tutuň. Şonda men biderek ýere yhlas etmändigim, azabymyň puja çykmandygy babatda Mesihiň geljek gününde magtanyp bilerin.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ