Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 49:24 - Mukaddes Kitap

24 Güýçliniň elinden oljasyny alyp bolarmy? Zalymyň ýesir alanlaryny azat edip bolarmy?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Гүйчлиниң элинден олҗасыны алып болармы? Залымың есир аланларыны азат эдип болармы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 49:24
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pis işlerimiz we uly ýazygymyz zerarly başymyza inen bu bela-beterlerden soň, eý, Hudaýymyz, Sen bize günälerimize laýyk jeza bermän, gaýtam bizi aman galdyrdyň.


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik.


Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň we mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».


Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.


Arryldylary arslanyňky deý, ýaş şirler kimin arlaýarlar; arlap, awuny tutýarlar, ony alyp gidýärler, halas etjek ýok.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».


Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler direlip bilermi?» diýip sorady. Men: «Ýa Hökmürowan Reb, muny Sen bilýärsiň» diýip jogap berdim.


«Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.


Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony tutup daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ