Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 49:21 - Mukaddes Kitap

21 Şonda sen içiňden diýersiň: „Bulary maňa kim dogrup berdi? Çagasyzdym, önelgesizdim, sürgün edilip kowlupdym; eýsem bulary kim ulaltdy? Ýeke-ýalňyz galypdym, bular nireden gelip çykdylar?“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шонда сен ичиңден диерсиң: „Булары маңа ким догруп берди? Чагасыздым, өнелгесиздим, сүргүн эдилип ковлупдым; эйсем булары ким улалтды? Еке-ялңыз галыпдым, булар ниреден гелип чыкдылар?“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 49:21
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sion gyzy üzümlikdäki çadyr kimin, hyýar atyzyndaky çatma kimin, daşy gabalan şäher kimin bolup galar.


Diwarly şäher terk edilýär, çöl kimin terk edilen, taşlanan ýurtdyr bu; göleler ol ýerde otlap, agaçlaryň şahalaryny iýýärler; ol ýerde ýatýarlar.


Öz elim bilen ýaradan çagalarymy öz aralarynda görenlerinde, adymy mukaddes saýarlar; Ýakubyň Mukaddesini mukaddes saýarlar, Ysraýyl Hudaýyndan gorkarlar.


Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.


Üstüňdäki tozany kak-da, gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur. Boýnuňdaky zynjyry üz, eý, Sion, ýesir gyz!


Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.


Kimdir bu bulut kimin süýşýänler, höwürtgelerine gögerçin dek uçýanlar?


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Sion düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Eger siz ýabany zeýtun agajyndan kesilip, öz tebigy häsiýetleriňize garamazdan, idedilip ýetişdirilen zeýtuna sapylan bolsaňyz, onda asly bu bagdan bolan şahalar öz zeýtunyna has aňsat sapylar!


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ