Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 49:2 - Mukaddes Kitap

2 Dilimi kesgir gylyç kimin etdi, meni eliniň kölegesinde gizledi; ýiti ok edip, Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Дилими кесгир гылыч кимин этди, мени элиниң көлегесинде гизледи; йити ок эдип, Өз сагдагында яшырды мени.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 49:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň şöhratym geçýänçä, Men seni gaýanyň jaýrygynda goýjak we Men geçýänçäm, seni elim bilen büräp duraryn.


Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim.


Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.


Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.


Isa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi.


Şeýle hem gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny ele alyň.


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy. Onuň ýüzi süýrgünortanyň Güni kimin parlaýardy.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


«Pergamondaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyjy Bolan şeýle diýýär:


Toba et! Ýogsa tizara ýanyňa baryp, agzymdaky gylyç bilen olara garşy urşaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ