Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.
Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim.
Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.
Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?