11 Ähli daglarymy ýola öwrerin, şaýollarym belende galdyrylar.
11 Әхли дагларымы ёла өврерин, шаёлларым беленде галдырылар.
Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.
Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni Ysraýyla edişi ýaly, Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin uly ýol açylar.
Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler.
Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.
Emma siz gyssagly çykmarsyňyz, gaçyp gitmersiňiz; çünki Reb siziň öňüňizden gider, Ysraýyl Hudaýy yzyňyzda gorag bolar.
Ol diýer: «Topragy tekizläp, ýol taýynlaň, halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».
Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!
Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.