Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:8 - Mukaddes Kitap

8 Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Не эшитдиңиз сиз, не-де билдиңиз, овалдан гулагыңыз ачылманды. Мен сизиң дөнүклик этҗекдигиңизи билдим, догланыңыздан бәри сизе топалаңчы дийилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:8
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanlarym men barada erbet gürrüň edýärler. «Haçan ölüp, ady-sory ýiter?» diýýärler.


Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.


Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar, ganhorlardan meni halas et.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.


Eý, günäkärler, unutmaň muny, mert boluň, çykarmaň ýatdan.


Munuň üçin başyňa bela geler, jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň; başyňa betbagtçylyk iner, öňüni alyp bilmersiň sen onuň; duýdansyz üstüňe geler oslamaýan weýrançylygyň.


Siziň kesirdigiňizi Men bilýändirin. Ýeňse damaryňyz demirdendir, maňlaýyňyz misdendir.


Bular ýaňy ýaradyldy, geçmişde däl, şu güne deňeç bilmediňiz bulary, „Bulary eýýäm bilýärdik“ diýerdiňiz ýogsa.


Hökmürowan Reb gulagymy açdy, men garşy çykmadym, yza çekilmedim.


Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?


Emma bir aýalyň öz ärine biwepalyk edişi ýaly, siz hem Maňa biwepalyk etdiňiz, eý, ysraýyl halky!“» Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyl we ýahuda halklary Maňa bütinleý biwepalyk etdiler». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:


«Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.


Olar nikasyz çagalar dogrup, Rebbe biwepalyk etdiler. Täze Aý baýramy olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.


Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.


Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.


Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Olaryň başga hudaýlara tarap öwrülip, eden ähli erbetlikleri üçin, şol gün Men olardan hökman ýüz öwrerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ