Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi.
Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi.
Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.