Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:21 - Mukaddes Kitap

21 Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Чөллериң ичи билен әкидиленде-де, сувсаманды олар, олар үчин гаядан сув акдырды; Ол гаяны ярды, сув чогуп чыкды ондан.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:21
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň.


Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi.


Men Horepdäki gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi.


Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda, her beýik dagda, her belent baýyrda akar suwly çeşmeler bolar.


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ