Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:2 - Mukaddes Kitap

2 Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Өзлерини мукаддес шәхерден дийип, Ысрайыл Худайына даянярлар олар; Онуң ады Хөкмүрован Ребдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.


Mukaddes şäherde ýaşaýan lewileriň jemi iki ýüz segsen dörtdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Seniň huzuryňa doga-dilegim barsyn, diňle meniň dat-perýadymy.


Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar.


Penakärimiz Ysraýylyň Mukaddesidir, Hökmürowan Rebdir ady.


Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?


Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin». Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


«Babyl patyşasy Nebukadnesaryň garşymyza uruşýandygy sebäpli biziň üçin Rebbe ýalbarsana. Belki, Reb biziň üçin Öz ajaýyp gudratlarynyň birini görkezip, Nebukadnesary ýurdumyzdan kowar» diýdi.


Ýöne, eý, Müsür ýurdunda ýaşaýan ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň: „Men Öz barlygymdan ant içdim, mundan beýläk tutuş Müsür ýurdunda ýahudalylar Meniň adymy agzamaz. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň hiç biri diri Hökmürowan Rebden ant içýärin diýmez.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Olar mazarlardan çykyp, Isa direlenden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler.


Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp:


Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Kimde-kim bu kitabyň pygamberlik sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalýan ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmek we mukaddes şäherde ýaşamak hukugyndan ony mahrum eder.


Mika: «Indi Rebbiň maňa ýagşylyk etjekdigini bilýärin, sebäbi lewi ýigidi meniň ruhanym boldy» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ