Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:19 - Mukaddes Kitap

19 Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Перзентлериңиз чәге дей, несиллериңиз чәге овнуклары дей боларды; атлары хузурымдан айрылмаз, ёк эдилмез».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:19
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.


Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


San-sajaksyz nesil görersiň, zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.


Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.


Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, onuň diňe aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar.


«Men olara garşy galaryn, Babylyň adyny, aman galanlaryny, ogullaryny we nesillerini ýok ederin». Muny Reb aýdýandyr.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Olar gök ýaýladaky otlar kimin, akar suwlar ýakasyndaky söwütler kimin boý alarlar.


Öz adymyň hatyrasyna gaharymy ýatyrýaryn, gaharymy saklaýaryn Öz hormatymyň hatyrasyna, ýok ederdim sizi ýogsam.


Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.


öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.


«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin Ysraýyldan başy-da, guýrugy-da, palma şahasyny-da, gamşy-da bir günde kesip taşlar Reb.


Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“».


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


«Ýahuda, hatda Iýerusalime garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Butparaz ruhanylary ýok ederin.


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi.


Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?»


Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ