Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:18 - Mukaddes Kitap

18 Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Табшырыкларыма гулак асан болсадыңыз, шонда абаданлыгыңыз деря дей, догрулыгыңыз деңиз толкунлары дей боларды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:18
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.


Giň derýalardyr çeşmeleriň bolan ýerinde, şöhratly Reb biz bilen bolar, olardan ne kürekli gämiler, ne-de uly gämiler geçer.


Ýakuby talaňçylara, Ysraýyly garakçylara beren kim? Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi? Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler, Onuň kanunyna gulak asmadylar.


Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; bulary Men – Reb ýaratdym».


Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.


Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.


Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.


Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.


Goý, adalatlyk derýa kimin joşsun, dogruçyllyk baky çeşme ýaly aksyn.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.


Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ