Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:14 - Mukaddes Kitap

14 Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Хеммәңиз топланың, диңләң! Бутларың хайсысы булары өңден аян этди? Реб бирини сайлап-сечер, ол Реббиң Бабыла гаршы максадыны амала ашырар, онуң голы бабыллылара гаршы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.


«Eý, Ýakubyň ogullary, toplanyň-da, diňläň, gulak asyň kakaňyz Ysraýyla!


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


«Butlaryňyzy getiriň, goý, olar näme boljagyny aýtsynlar, oýlanyp, soňuny bilerimiz ýaly geçmişde bolanlary aýan etsinler, ýa-da boljak zatlary bize habar bersinler.


Ähli milletler bir ýere ýygnansyn, halklar toplansyn, olaryň arasynda kim muny yglan etdi? Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi? Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar, başgalar eşidip: „Bu dogry“ diýsinler.


Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Maňa meňzeýän barmy? Ol aýan etsin, gadymy halky berkarar edelim bäri bolup geçenleri aýdyp bersin ol; geljek zatlary yglan etsin, indi boljak zatlary habar bersin.


Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ