Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:12 - Mukaddes Kitap

12 Eý, Ýakup, eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, Ilkinji-de, Ahyrky-da Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эй, Якуп, эй, чагыраным Ысрайыл, Мени диңле! Мен Шолдурын, Илкинҗи-де, Ахыркы-да Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň, aýtjak sözüme üns beriň.


Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!


Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!


Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.


Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum, ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.


Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.


Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.


«Emma indi, eý, bendäm Ýakup, saýlan Ysraýylym, gulak goý!


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Eý, Ýakubyň nesli, Ysraýyl nesliniň aman galanlary! Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy, doglanyňyz bäri elimde göterdim.


Garranyňyzda-da, Men Şolduryn, saçyňyz agaranda hem sizi götererin, sizi Men ýaratdym, Özüm götererin, Men göterip, sizi halas ederin.


Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy.


Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Şeýlelikde, iň soňkular ilkinjiler, ilkinjiler hem iň soňkular bolar.


Siz hem Isa Mesihe degişli bolmaga çagyrylan şol milletleriň arasyndasyňyz.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


«Izmirdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ölen we Direlen, Ilkinji we Ahyrky şeýle diýýär:


Alfa we Omega, Ilkinji we Ahyrky, Başlangyç we Soň Mendirin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ