Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:11 - Mukaddes Kitap

11 Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin, näme üçin Meniň adym harlansyn? Başga bermerin Öz şöhratymy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Өз хатырама, Өз мертебәме муны эдйәрин, нәме үчин Мениң адым харлансын? Башга бермерин Өз шөхратымы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:11
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.


«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.


Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.


Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Bulary size owaldan beýan etdim. „Bulary eden meniň butum, oýma, guýma heýkellerim bulary buýruk berdi“ diýmeziňiz ýaly, berjaý bolmankalar, olary size aýan etdim.


Öz adymyň hatyrasyna gaharymy ýatyrýaryn, gaharymy saklaýaryn Öz hormatymyň hatyrasyna, ýok ederdim sizi ýogsam.


Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar». Muny Reb aýdýandyr.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Emma ysraýyllary Müsürden çykarandygymy gören milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat gelmesin diýip, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Muňa garamazdan, ysraýyllary Müsürden çykaranymy gören milletleriň nazarynda adyma ysnat gelmesin diýip, ýene elimi yza çekdim we Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


«Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.


Eý, ysraýyl halky! Men siziň öz tutan ýollaryňyza we ýaramaz işleriňize görä däl-de, Öz adymyň hatyrasyna hereket edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.


Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin.


Eý, Hudaýymyz, şoňa görä indi Öz guluňyň dilegini we nalyşyny diňle! Öz hatyraň üçin, eý, Taňrym, weýran bolan mukaddes öýüňe Öz nuruňy saç.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Şoňa görä-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň ady başga milletleriň arasynda siz zerarly harlanýar» diýlip ýazylandyr.


Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ