Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 48:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эй, Якубың несли, гулак гой! Ысрайылың ады билен атландырылан, Яхуданың билинден өнен, сиз, Ребден ант ичйәрсиңиз, ятлаярсыңыз Ысрайыл Худайыны, эмма чын йүрекден, догрулык билен этмейәрсиңиз булары.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 48:1
48 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy.


Olar şu güne çenli hem özleriniň ozalky adatlaryna eýerip, Rebbe sežde etmeýärler. Rebbiň Ysraýyl diýip atlandyran Ýakubyň nesillerine beren tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny berjaý etmeýärler.


Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi.


Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn, çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.


Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar, ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler.


Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».


Çeşmeleriň köçelere, bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?


Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.


Biri: „Men Rebbiňki“ diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri: „Rebbiňki“ diýip ýazar eline, özüni Ysraýyl diýip atlandyrar».


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Eý, gutulyşdan uzak bolan dikdüşdiler, gulak goýuň Maňa!


Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.


Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.


Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener».


Ýöne, eý, Müsür ýurdunda ýaşaýan ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň: „Men Öz barlygymdan ant içdim, mundan beýläk tutuş Müsür ýurdunda ýahudalylar Meniň adymy agzamaz. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň hiç biri diri Hökmürowan Rebden ant içýärin diýmez.


„Rebden ant içýärin“ diýseler-de, olar aslynda ýalan ýere ant içýärler».


Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin.


Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwarylar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.


Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda we hakykatda sežde etmelidirler».


Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


Diýmek, Ybraýymyň neslinden bolanlaryň baryna Hudaýyň perzendi diýip bolmaz. Diňe wada görä doglanlar Ybraýymyň hakyky nesli hasaplanýandyr.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer.


Meniň bilen gepleşen wagtyňyz, Reb siziň maňa aýdan sözleriňizi eşidip, maňa şeýle diýdi: „Men bu halkyň saňa aýdanlaryny eşitdim. Olaryň hemmesi dogry.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ