Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 47:9 - Mukaddes Kitap

9 Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Буларың икиси-де бир гүнде, дуйдансыз башыңа гелер: перзентлериңден айрыларсың, дул галарсың. Гөзбагчылар көпем болса, җадыгөйлериң болам болса, буларың бары башыңа гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 47:9
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Munuň üçin başyňa bela geler, jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň; başyňa betbagtçylyk iner, öňüni alyp bilmersiň sen onuň; duýdansyz üstüňe geler oslamaýan weýrançylygyň.


Ýedi çagaly aýal demi-demine ýetmän jan berdi. Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy, ol utanja galyp, masgara boldy. Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň öňünde gylyja tabşyraryn». Muny Reb aýdýandyr.


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.


Ine, meniň ýatyrkam gören düýşüm: ýeriň ortasynda bir agaç bardy, onuň boýy diýseň gaty belentdi.


Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi.


ogullary Mahlon bilen Kilýon hem ölüp, Nagomy ogullaryndan hem adamsyndan mahrum boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ