Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 47:6 - Mukaddes Kitap

6 Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Халкыма гахарландым, мирасымы харлап, сениң элиңе бердим; сен олара рехим этмедиң; хатда гоҗалара-да агыр боюнтырык атдың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 47:6
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.


Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.


Emma Rebbiň bir pygamberi bardy, onuň ady Odetdi. Odet Samariýa gelen goşunyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb Ýahuda gazaplanany üçin olary siziň eliňize berdi. Emma siz göge ýeten gazap bilen olary öldürdiňiz.


Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimiýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular.


Emma atalarymyzyň Gögüň Hudaýynyň gaharyny getirendikleri sebäpli, Ol olary kesetlerden bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berdi. Nebukadnesar bolsa bu öýi ýykyp, halky Babyla ýesir edip äkitdi.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.


dünýäni çöle dönderen, şäherleri ýer bilen ýegsan eden, ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?»


Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.


Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi.


Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar.


Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.


Rebbiň Özi olary dargatdy, Reb indi olara nazar salmaz. Ruhanylaryna hormat goýulmaz, ýaşulularyna rehim edilmez.


Ýolbaşçylaryny ellerinden asdylar, baştutanlaryna hormat goýmadylar.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar, sen günä etdiň. Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim.


Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.


Çünki, siz, ýahudalar, Meniň mukaddes dagymda içdiňiz. Ähli milletler-de hemişe şeýle içerler we ýuwudyp, asla bolmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi jeza käsesinden içerler.


Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.


Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».


Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ