Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 47:5 - Mukaddes Kitap

5 «Eý, Babyl gyzy, ümsüm otur, tümlüge git! Saňa „patyşalyklaryň melikesi“ diýilmez indi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 «Эй, Бабыл гызы, үмсүм отур, түмлүге гит! Саңа „патышалыкларың меликеси“ дийилмез инди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 47:5
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.


«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy!


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň!


«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.


Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň».


Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn.


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Sion gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.


Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ