Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.
Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer.
keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler.
Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.