Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 47:14 - Mukaddes Kitap

14 Ine, olar sypal kimindirler, ot olary ýandyrýar; janlaryny ýalnyň güýjünden halas edip bilmeýärler. Bu ot ne çoýunara köz, ne-de alaw bolar başynda oturara.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ине, олар сыпал киминдирлер, от олары яндыряр; җанларыны ялның гүйҗүнден халас эдип билмейәрлер. Бу от не чоюнара көз, не-де алав болар башында отурара.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 47:14
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar.


Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.


Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.


Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim? Ony hyzmatyna çagyran kim? Milletleri onuň eline berýär, patyşalary aýak astynda ezýär, olary gylyjy bilen tozana, sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen.


Odunlaryň ýarysyny ýakyp, oduň üstünde kebap bişirýär, ondan iýip doýýar. Ol ýylnyp, şeýle diýýär: «Ine, ýylyndym, alawyň howruny duýdum!»


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi.


geçelgeler ele salyndy, gamyşly batgalyklara ot berildi, urşujylara gorky aralaşdy».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babylyň galyň diwarlary ýer bilen ýegsan bolar, onuň belent derwezeleri ýakylar, halklar biderek ýere zähmet çekerler, milletleriň der döken zähmeti oda taşlanar».


Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Olar söweşe taýýar güýçli leşger dek, şöweş arabalarynyň takyrdaýşy dek, samany ýandyrýan ýalnyň şatyrdaýşy dek, dag depelerinden böküp aşýarlar.


Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler?


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ