Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 47:10 - Mukaddes Kitap

10 Öz pisligiňe bil bagladyň; sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň. Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy, içiňden: «Diňe men, menden başga ýok» diýdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Өз пислигиңе бил багладың; сен: «Мени хич ким гөрмейәр» дийдиң. Пайхасың ве билимиң сени азашдырды, ичиңден: «Диңе мен, менден башга ёк» дийдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 47:10
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.


Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň – Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly! Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň ýagşylygyndan doýaly.


Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!


Özlerini paýhasly, düşünjeli saýýanlaryň dat gününe!


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin.


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Olar özlerini akylly saýyp, akmak boldular,


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ