Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 47:1 - Mukaddes Kitap

1 «Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Эй, бойы етен Бабыл гызы, ашак дүш-де, тоза чөк! Эй, кесетлер гызы, ерде отур, тагтың ёкдур! Нәзик, мылайым, дийилмез инди саңа.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 47:1
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eýýubyň dostlary ýedi gije-gündizläp onuň bilen bile ýerde oturdylar. Derdi juda çökder bolansoň, hiç kim oňa söz gatmady.


Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.


Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.


Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».


Tekepbirleri kiçeldýär, beýik şäheri ýykyp, ýer bilen ýegsan edýär ony.


Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Sion boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär.


Üstüňdäki tozany kak-da, gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur. Boýnuňdaky zynjyry üz, eý, Sion, ýesir gyz!


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Eý, biçäre Müsür halky, Gilgada git-de, melhem al! Dermany köp içmegiň puçdur; seniň derdiňe şypa ýokdur.


Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk, şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur, çünki Mowaby weýran ediji seniň üstüňe çozup, galalaryňy weýran eder.


Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi:


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.


Biz käýinç eşidenimizde utandyk. Gelmişekler Rebbiň öýüniň mukaddes ýerlerine girdiler, şonda ýüzümizi ryswalyk örtdi».


Sion gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.


Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar.


Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.


Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.


Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ