Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 46:7 - Mukaddes Kitap

7 Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Оны геришлерине алып гөтерйәрлер, еринде гойярлар, ол шол ерде дуряр, еринден гозганып билмейәр. Җогап бермейәр оңа перят эденлеринде, хич бир беладан гутармаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 46:7
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýdi. Adamlar olaryň baryny tutdular. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürdi.


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi, bir çüýremez agajy saýlaýar. Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup, ökde ussanyň gözlegine çykýar.


Seretdim, ýöne hiç kim ýok, aralarynda maslahatçy ýok, soragyma jogap berjek ýok.


Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».


Hünärment zergäri, çekiç bilen tekizleýän sandala urýany ruhlandyrýar. Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy“ diýýär; gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.


Demirçi guralyny alyp, onuň bilen közde işleýär; ol buta çekiç bilen şekil berýär, güýçli goly bilen onuň üstünde işleýär. Ol ajygyp, güýçden gaçýar; suwsuzlykdan mejalsyz bolýar.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;


Ine, bile zähmet çekişenler, ýaşlygyňdan seniň bilen iş salşanlar nähili bolup çykýarlar; öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi, halas eden bolmaz seni.


Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».


Onsoň Iýerusalimiň we Ýahuda şäherleriniň ilaty gidip, özleriniň sadaka beren hudaýlaryna dady-perýat ederler, emma betbagtlyk gelende, bu hudaýlar olary asla halas etmez.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi.


Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Olar gämini ýeňletmek üçin, ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.


Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.


Aşdotlylar ertesi irden turup görseler, Dagon buty Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Olar buty galdyryp, ýene öz ýerinde oturtdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ