Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.
Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.