Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 46:1 - Mukaddes Kitap

1 Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бел худайы дыза чөкйәр, Небо худайы эгилйәр, хейкеллери өкүзлере йүкленйәр; дашаян затларыңыз агыр йүк дей, ядав хайванлара йүкленилйәр;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 46:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň? Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň?


Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.


Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar.


Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Babyl butlar ýurdudyr, gorkunç butlar olary dälireder. Goý, onuň suwlary gurasyn, olar takyrap galsyn!


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler. Onuň tutuş ýurdy utanja galar, jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler.


«Onuň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler, onuň bütin ýurdunda ýaralylar iňlär. Muny Reb aýdýandyr.


Olaryň hudaýlaryny, butlaryny, kümüşden we altyndan ýasalan gymmatbaha gap-gaçlaryny olja hökmünde Müsüre getirer. Onsoň ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasynyň üstüne çozmaz.


Nebukadnesar olara: «Eý, Şadrak, Meýşak, Abednego, siz hakykatdan hem meniň hudaýlaryma gulluk etmeýärsiňizmi, diken altyn heýkelime sežde etmeýärsiňizmi?


Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, çünki siz ýigrenjisiňiz».


Nebo, Bagalmegon (olar käbir galanyň atlaryny çalyşdylar) we Sibma galasyny täzeden gurdular. Olar täzeden guran galalaryna başga atlar dakdylar.


Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin, barmagyny hem gymyldatmak isleýän däldirler.


Aşdotlylar ertesi irden turup görseler, Dagon buty Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Olar buty galdyryp, ýene öz ýerinde oturtdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ