Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 45:5 - Mukaddes Kitap

5-6 Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5-6 Мен Ребдирин, башгасы ёкдур, Менден башга Худай ёкдур. Мени танамасаң-да, саңа Мен гүйч берерин. Гүндогардан гүнбатара деңеч Менден башганың ёкдугыны билсинлер дийип, Мен гүйч берерин саңа.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 45:5
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Ol şalaryň guşagyny gowşadyp, billerine ýüp baglaýar.


Şazadalary ile ryswa edýär Ol, güýçlüleri ýaragsyzlandyrýar.


Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.


Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimiýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin».


Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.


Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.


Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!


Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.


Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».


Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi.


Indi bilip goýuň we ýadyňyzda saklaň, çünki ýokarda – gökde, aşakda – ýerde Reb Beýik Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ