Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 45:20 - Mukaddes Kitap

20 Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Эй, миллетлерден гачып гутуланлар, топланың, бир ере топланың, бирек-биреге якынлашың! Агач бутлары гөтерип гезйәнлер, халас эдип билмейән худайдан дилег эдйәнлериң билйән зады ёкдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 45:20
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň Amazýa gahary gelip, onuň ýanyna bir pygamber iberdi. Pygamber Amazýa: «Näme üçin sen öz halkyny seniň eliňden halas edip bilmedik halkyň taňrylaryna sežde edýärsiň?» diýdi.


Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Siriýa patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi.


Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn.


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Reb: «Dawaňyzy aýdyň» diýýär, Ýakubyň Patyşasy: «Subutnamaňyzy getiriň» diýýär.


Ähli milletler bir ýere ýygnansyn, halklar toplansyn, olaryň arasynda kim muny yglan etdi? Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi? Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar, başgalar eşidip: „Bu dogry“ diýsinler.


Derde ýarawsyz hudaýy, ýa guýma buty kim ýasaýar?


But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar.


Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;


Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar.


Perýat edeniňizde, toplan butlaryňyz sizi halas etsin, olary ýel süpürip äkider, şemal uçuryp äkider olary. Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner, Meniň mukaddes dagymy miras alar.


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar.


Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».


Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Ol haçdaky ölümi arkaly duşmançylygy ýok etdi we iki topary bir beden kimin edip, olary Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ