Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 45:19 - Mukaddes Kitap

19 Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Мен гизлинликде, түмлүк меканында геплемедим, Якубың неслине: «Мени чола ерден агтарың» диймедим. Мен – Реббиң сөзлейәни хакыкатдыр, догрулыкдыр беян эдйәни.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 45:19
45 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi, tutuş Ysraýylyň, Rebbiň jemagatynyň gözüniň alnynda, Hudaýa eşitdirip, men saňa Hudaýymyz Rebbiň ähli buýruklaryny ýerine ýetirmegi buýurýaryn. Şeýtseňiz şu eşretli topragyň eýesi bolarsyňyz we ony özüňizden soň nesilleriňize baky miras goýarsyňyz.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Çünki men patyşadan ýolda bizi duşmandan gorar ýaly esgerler we atlylary dilemäge çekindim. Biz patyşa: «Hudaýymyz Özüni agtarýanlaryň hemmesine merhemet edýär. Özünden ýüz öwrenleriň garşysyna bolsa Onuň gazaby güýçlüdir» diýip aýdypdyk.


Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.


Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi, çünki olar bardyr gadymdan bäri.


Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.


Jemendeli ýerlerde gygyrýar, şäher derwezesiniň agzynda sözleýär:


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.


Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn, dogryny beýan edýärin.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin».


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär: «Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz!


Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.


Ine, Ol arkaýyn gürrüň berip dur, Oňa garşy hiç kim hiç zat diýmeýär. Biziň ýolbaşçylarymyz Onuň Mesihdigini, hakykatdanam, bilýän bolaýmasynlar?!


Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz.


Gizlin syrlar Hudaýymyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ