Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 45:18 - Mukaddes Kitap

18 Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Гөклери ярадан, Ол Худай, дүнйәни ярадан, оңа шекил берен, оны беркиден, бош болмасын, адамлы болсун диен Реб шейле диййәр: «Мен Ребдирин, Менден башга хич ким ёкдур».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 45:18
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.


Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.


Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.


Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň.


Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim.


Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda».


Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?


Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.


Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ