15 Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň, eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!
15 Хакыкатдан-да, Өзүни гизлейән Худай Сенсиң, эй, Ысрайыл Худайы, эй, Халасгәр!
Emma bulary ýüregiňde gizlediň, hyýalyňda şeýle zatlaryň bardygyny bilýärin.
Wah, Hudaýy nireden tapmalydygyny bir bilsedim, Onuň mesgenine barardym.
Demirgazykda işleýär, Ony gözüm saýgaryp bilenok, günorta öwrülýär, Ony görüp bilmeýärin.
Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn, çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.
Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?
Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.
Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».
Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder.
Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.
Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.
Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.
Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.
Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.
Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.
Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.
Isa oňa: «Meniň edýän işime entek akylyň çatmaýar, muňa soň düşünersiň» diýdi.
Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir.
Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.
Şeýlelikde, Hudaý Öz beren wadasyna görä, Dawudyň neslinden Isany ysraýyl halkyna Halasgär edip iberdi.
Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.
Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.