Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 45:12 - Mukaddes Kitap

12 Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен ери дөретдим, онда ынсанлары яратдым; эллерим гөклери герди, асман җисимлерине буйрук бердим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 45:12
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy.


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.


guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?


Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.


«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim?


Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.


Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.


Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».


Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda».


Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?


„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Dogulmazyňyzdan öňki geçen asyrlardan bäri, Hudaý tarapyn ýer ýüzünde adamzadyň ýaradylanyndan tä şu güne çenli geçen zamandan soraň. Gögüň bu ujundan ol ujuna çenli sorap çykyň, heý, şunuň ýaly beýik waka öň boldumyka? Ýa şunuň ýaly waka hakynda eşidipmidiňiz?


Biz älem-jahanyň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem, görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ