Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 45:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб сечип-сайланына, саг элинден тутанына, Куреше шейле диййәр: «Өңүңде миллетлери баш эгдирерин, патышалары гүйҗүнден махрум эдерин, гапылары ачарын өңүңде, дервезелер япылмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 45:1
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Bar, çöl ýoly bilen yzyňa git-de, Damaska sowul. Ol ýere bar-da, Hazaýylyň başyna ýag guýup, ony Siriýanyň üstünden patyşalyga saýla.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Şazadalary ile ryswa edýär Ol, güýçlüleri ýaragsyzlandyrýar.


Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.


Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň, söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden, begleriň derwezelerinden girer ýaly, olara el bulaň.


Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.


Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.


Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim? Ony hyzmatyna çagyran kim? Milletleri onuň eline berýär, patyşalary aýak astynda ezýär, olary gylyjy bilen tozana, sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen.


Men demirgazykdan birini öjükdirdim, ol gelýär, gündogardan adymy tutup çagyrýan biri. Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin hökümdarlary palçyk kimin depelär.


«Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin.


Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.


«Men, hawa, Men gepledim, ony Men çagyrdym, Men getirdim, ol öz ýolunda üstünlik gazanar.


Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.


Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker.


Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».


«Babyllylara garşy gylyç insin! Babyl ilatyna, ýolbaşçylarydyr akyldarlaryna garşy gylyç insin! Muny Reb aýdýandyr.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babylyň galyň diwarlary ýer bilen ýegsan bolar, onuň belent derwezeleri ýakylar, halklar biderek ýere zähmet çekerler, milletleriň der döken zähmeti oda taşlanar».


Men onuň garşysyna çeken zähmeti üçin Müsür ýurduny oňa berdim, sebäbi olar Meniň üçin işlediler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.


Ikinji bir jandar peýda boldy. Ol aýa meňzeýärdi. Ol bir gapdalyna dikeldi. Onuň agzyndaky dişleriniň arasynda üç sany gapyrga süňki bardy. Oňa: „Hany, tur, köp et iý!“ diýdiler.


Men seredip durkam, kanalyň kenarynda bir goç gördüm. Onuň iki şahy bardy. Şahlarynyň ikisi hem uzyndy, ýöne biri beýlekisinden has uzyndy we şol uzyny soň çykypdy.


Goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsýändigini gördüm. Hiç bir haýwan onuň öňünde durup, hiç kim onuň elinden gutulyp bilmeýärdi. Ol islän zadyny edýärdi we gitdigiçe güýçlenýärdi.


derýa derwezeleri açylýar, köşk opurylýar.


Esgerleriňe seret, olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri duşmanlaryňa gujak açýar, derwezäň kiltleri küle öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ