Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:3 - Mukaddes Kitap

3 Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Мен сувсуз топрага сувлар дөкерин, гуры ерлере чешмелер акдырарын; несиллериңиң үстүне Рухумы, перзентлериңиң үстүне берекедими дөкерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:3
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

San-sajaksyz nesil görersiň, zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.


Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men – Reb olara jogap bererin, Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.


Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».


Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».


Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.


Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.


Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu suwlar gündogardaky ülkelere tarap akýar we Iordan deresine inip, deňze guýanda, deňziň ýata suwlary süýji suwa öwrüler.


Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.


Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


«Ine, şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,


Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.


Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».


Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ