Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:28 - Mukaddes Kitap

28 Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Куреше: „Мениң чопанымдыр, бар максатларымы ол амала ашырар“, Иерусалиме: „Тәзеден гурлар“, ыбадатхана: „Дүйбүң тутулар“» диййән Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:28
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy.


Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun.


Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.


Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym.


Daglary, baýyrlary weýran ederin, ähli ösümliklerini guradaryn, derýalary adalara öwrerin, howdanlary guradaryn.


Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.


Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.


Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.


«Eý, harasada düşüp, teselli tapmadyk muşakgatly şäher! Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup, gök ýakutlar bilen düýbüňi tutaryn.


Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.


Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.


Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ