Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:26 - Mukaddes Kitap

26 bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 бендесиниң сөзүни тассыклаян, илчилериниң айданларыны амала ашырян, Иерусалиме: „Илатлы боларсың!“, Яхуда шәхерлерине: „Булар тәзеден гурлар, харабаларыңы дикелдерин!“ диййән,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:26
53 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soň halk gidip, siriýalylaryň düşelgesini talady. Şeýdip, Rebbiň aýdyşy ýaly bir kersen saýlama un üç mysgala golaý kümşe, iki okara arpa-da üç mysgala golaý kümşe çalşyldy.


Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere: «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi.


Ol nöker babatda hakykatdan hem şeýle boldy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi.


Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana aýdymçylary, derwezebanlary we hyzmatkärleri öz galalarynda, ysraýyllar hem öz galalarynda ornaşdylar.


Olar maňa: «Ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.


Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»


Emma Rebden gorkýanlar üçin, ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi. Rebbiň ähtini saklap, buýrugyny berjaý edýänler üçin, Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.


Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.


Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Bendämden başga kim kör? Kim ýollan habarçym dek ker? Kim Maňa bagyş edilen dek kör? Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?


Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin».


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.


Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.


Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.


Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa.


Olar gadymy harabalary täzeden gurarlar, öňki weýran bolan ýerleri dikelderler, nesilden-nesle weýran bolan şäherleri, harabalyklary abatlarlar.


Bu gün Men saňa milletleri hem şalyklary sogrup taşlamagy we ýykmagy, ýok etmegi we ýer bilen ýegsan etmegi, gurmagy we bina etmegi tabşyrýaryn».


Emma sag-salamatlygy pygamberlik edýäniň sözi hakykatdan-da amala aşanda, diňe şonda ol pygamberi Rebbiň ýollandygy belli bolar».


Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.


Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň.


Çünki Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb: „Bu ýurtda ýene öýler, ekin meýdanlary we üzüm baglary satyn alnar“ diýýär».


Benýamin topragynda, Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde, Ýahuda galalarynda, daglyk galalarda, günbatar baýyrlykda we Negep galalarynda ekin meýdanlary kümşe satyn alnyp, şertnamalara gol çekiler, möhürlenip, şaýatlar çagyrylar. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr».


Men Ýahudanyň we Ysraýylyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, olary öňküsi ýaly edip bina ederin.


Men siziň ilatyňyzy, tutuş ysraýyl halkyny, olaryň hemmesini köpelderin, galalar ilatly bolar, harabalar abatlanar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirip, şeýle diýdi: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär. Muny Reb aýdýandyr».


Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ