Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:23 - Mukaddes Kitap

23 Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Айдым айдың, эй, гөклер, чүнки муны Реб этди; гыгырышың, эй, ериң чуңлуклары; эй, даглар, җеңңел ве ондакы агачлар шатлыкдан айдым айдың, чүнки Якубы Реб азат этди, Ысрайылда Өзүни шөхратландырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:23
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Milletler: «Reb – Patyşa!» diýsin.


Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin. Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.


Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde nagmalar aýdar. Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.


Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň: eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,


eý, daglar we baýyrlaryň ählisi, miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,


Men ýakma gurbanlyklar bilen öýüňe baryp, Saňa eden kasamlarymy berjaý ederin.


Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!


Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi.


Rebbe öwgüler aýdyň, Ol beýik işler etdi; ýer ýüzi bilsin muny!


Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň, eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Çünki Reb Ýakuby halas eýledi, ony özünden güýçliniň elinden azat etdi.


Onsoň demirgazykdan gelen ýok ediji oňa hüjüm edende, asman, ýer we olardaky ähli zat Babylyň başyna gelen zatlara şatlanyp gygyryşar. Muny Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin dünýäniň şatlanýan mahaly Men seni harabaçylyga öwrerin.


Sen, eý, ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Eý, Ysraýyl daglary, Rebbiň sözüni eşidiň.


Eý, Ysraýyl daglary, siz şahalar çykaryp, halkym Ysraýyla miwe berersiňiz, çünki olaryň öz ýurduna dolanmaly wagty golaýlady.


Ýurduň halky olary gömer. Meniň şöhratlanan günüm bu ysraýyl halky üçin at-abraý bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Eýsem «çykanda» diýen söz nämäni aňladýar? Bu Mesihiň ilki aşak – ýer ýüzüne inendigini aňlatmaýarmy näme?


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Şoňa görä, eý, gök we onda ýaşaýanlar, heşelle kakyň! Eý, ýer we deňiz, siziň bolsa halyňyza waý! Çünki iblis ýanyňyza indi, ol wagtynyň azalandygyny bilensoň, gazap atyna mündi».


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ