Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:2 - Mukaddes Kitap

2 Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren Men Reb gepleýärin. Gorkma, eý, bendäm Ýakup, ýagny saýlanym Ýeşurun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сени ярадан, ятгыда сизе шекил берен Мен Реб геплейәрин. Горкма, эй, бендәм Якуп, ягны сайланым Ешурун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:2
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela


Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin, ýeri suwarýan çabgalar kimin.


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.


Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.


Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.


«Bulary ýatla, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl, sen meniň bendämsiň; siz meniň bendämsiňiz, Men ýaratdym sizi, eý, Ysraýyl, Men seni unutmaryn.


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Ysraýylyň Mukaddesi, ony ýaradan Reb şeýle diýýär: «Ogullarymyň geljegi hakda Meni sorag edýäňizmi? Elimiň işi hakda buýruk berýäňizmi Maňa?


Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy.


Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.


«Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim».


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.


Öz huzurynda mukaddes we müýnsüz bolmagymyz üçin, biri-birimizi söýüp, Isa Mesihe degişli bolmagymyz üçin, Hudaý bizi dünýä ýaradylmazdan öň saýlap-seçdi.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


«Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.


Ysraýyl tireleri birleşende, halk baştutanlary ýygnanda, Reb Ýeşuruna patyşa boldy.


Eý, doganlar! Biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe söz bilen däl, eýsem Mukaddes Ruhuň güýji we berk ynam bilen gowuşdy. Şonda biz Hudaýyň sizi söýüp, saýlandygyna göz ýetirdik. Biz siziň araňyzda bolanymyzda nähili ýaşandygymyzy özüňiz-de bilýänsiňiz.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ