Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:17 - Mukaddes Kitap

17 Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Галанындан болса бир таңры ясаяр, өзүне бут ясап, сежде эдйәр оңа, ыбадат эдйәр, дилег эдип, шейле диййәр: «Мени халас эт, мениң таңрымсың сен!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:17
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaraladylar.


Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Agaç ynsana odun bolýar, ol getiren oduny bilen hem ýylynýar, oduny ýakyp, çörek bişirýär. Şeýle hem özüne bir taňry ýasap, ybadat edýär oňa, but ýasap, sežde edýär oňa.


Odunlaryň ýarysyny ýakyp, oduň üstünde kebap bişirýär, ondan iýip doýýar. Ol ýylnyp, şeýle diýýär: «Ine, ýylyndym, alawyň howruny duýdum!»


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.


Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


Mundan soň patyşa Danyýeli getirip, ýolbarsly çukura taşlamagy buýurdy. Patyşa Danyýele: «Goý, seni wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň halas etsin» diýdi.


Ol halas edýär we boşadýar. Gökde hem, ýerde hem alamatlardyr mugjyzalar görkezýär. Danyýeli ýolbarsyň penjesinden halas eden hut Oldur».


Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.


Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.


Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.


Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ