Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:15 - Mukaddes Kitap

15 Agaç ynsana odun bolýar, ol getiren oduny bilen hem ýylynýar, oduny ýakyp, çörek bişirýär. Şeýle hem özüne bir taňry ýasap, ybadat edýär oňa, but ýasap, sežde edýär oňa.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Агач ынсана одун боляр, ол гетирен одуны билен хем йылыняр, одуны якып, чөрек биширйәр. Шейле хем өзүне бир таңры ясап, ыбадат эдйәр оңа, бут ясап, сежде эдйәр оңа.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:15
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Amazýa edomlylardan üstün çykyp gelende, Segir halkynyň hudaýlaryny getirip, olary öz hudaýlary hökmünde goýup, olara sežde edip, olara gurbanlyklar ýakdy.


Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.


Derde ýarawsyz hudaýy, ýa guýma buty kim ýasaýar?


Ol kedr agaçlaryny kesýär, serwi we dub agaçlaryny alýar. Tokaýyň agaçlaryndan birini saýlaýar, dagdan agajyny oturdýar, ýagyş ony ösdürýär.


Odunlaryň ýarysyny ýakyp, oduň üstünde kebap bişirýär, ondan iýip doýýar. Ol ýylnyp, şeýle diýýär: «Ine, ýylyndym, alawyň howruny duýdum!»


Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!»


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ