Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 44:13 - Mukaddes Kitap

13 Agaç ussasy ýüp bilen ölçeýär, galam bilen bellik edýär, törpi bilen şekil berýär, isgene bilen belleýär. Buthanada goýmak üçin buty adam şekilli ýasaýar, ynsan gözelligine görä ýasaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Агач уссасы йүп билен өлчейәр, галам билен беллик эдйәр, төрпи билен шекил берйәр, исгене билен беллейәр. Бутханада гоймак үчин буты адам шекилли ясаяр, ынсан гөзеллигине гөрә ясаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 44:13
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Laban öz dowarlaryny gyrkmaga giden wagty, Rahel kakasynyň öý butlaryny ogurlady.


Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň hudaýlarymy ogurlap gaýtmaň näme?»


Ýöne seniň hudaýlaryňy ogurlap gaýdan diri galmaz. Garyndaşlarymyzyň gözüniň alnynda ähli goşlary barlap çyk-da, özüňe degişli näme tapsaň, al-da gidiber». Hudaýlary Raheliň ogurlandygyndan Ýakup bihabardy.


Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.


Hünärment zergäri, çekiç bilen tekizleýän sandala urýany ruhlandyrýar. Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy“ diýýär; gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.


Ol kedr agaçlaryny kesýär, serwi we dub agaçlaryny alýar. Tokaýyň agaçlaryndan birini saýlaýar, dagdan agajyny oturdýar, ýagyş ony ösdürýär.


Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi.


Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


baky Hudaýa sežde etmän, pany adamyň, guşlaryň we süýrenijileriň keşbindäki butlara sežde etdiler.


„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Mika olara: «Siz meniň ýasadan hudaýlarym bilen ruhanymy alyp gitdiňiz. Hany indi maňa näme galdy? Ýene-de: „Näme gerek?“ diýip soraýarsyňyz» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ