8 Gözli körleri, gulakly kerleri öňe çykar.
8 Гөзли көрлери, гулаклы керлери өңе чыкар.
Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.
Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmeýärsiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.
Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:
«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.
Şeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».