Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 43:5 - Mukaddes Kitap

5 Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Горкма, Мен сениң билендирин; перзентлериңи гүндогардан, сени гүнбатардан гетирерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 43:5
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem lira! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,


ýeriň aňry ujundan topladym, uzak ýerlerden çagyryp: „Siz Meniň bendämsiňiz, Men sizi saýladym, terk etmedim“ diýdim.


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren Men Reb gepleýärin. Gorkma, eý, bendäm Ýakup, ýagny saýlanym Ýeşurun!


Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.


Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler. Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.


«Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.


Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Şonuň üçin hem şeýle günler geler, mundan beýläk ‘Ysraýyl halkyny Müsür ýurdundan çykaran Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýilmez. Muny Reb aýdýandyr.


Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.


Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin.


Ýurtda eşidiljek myş-myşlara ýüregiňiz tapdan düşmesin, gorkmaň. Bir ýyl bir habar geler, soňraky ýyl başga bir habar. Ýurtda zorluk höküm sürüp, bir şanyň başga bir şa garşydygy hakda gep-gürrüňler ýaýrar.


Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin.


«Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».


Hökmürowan Reb: «Men Öz halkymy gündogar hem günbatar ýurtlaryndan halas ederin.


Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Şalygynda saçak başynda oturarlar.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ