Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.
Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.
Muňa garamazdan, ysraýyllary Müsürden çykaranymy gören milletleriň nazarynda adyma ysnat gelmesin diýip, ýene elimi yza çekdim we Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.
Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.
Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin.
Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.